parahatly

parahatly
[para:hatly]
1) Uruş-galmagalsyzlyk, dawasyzlyk, dostluk, asudalyk, azatlyk, dynçlyk, dem- dynçlyk.
∙ Parahatlyk tarapdarlarynyň bütinsoýuz konfereňsiýasyna gidýän Aýsoltan şol tämiz howada samolýota münmäge taýynlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Bolsun biziň zamanamyz, hemişelik parahatlyk. (K. Işanow, Watan Üçin)
∙ Meniň beýlik watanym parahatlyk diregi, parahatlyk söýýänleň biziň bilen ýüregi. (R. Alyýew, Kommunizm Ýolunda)
2) Gaý-harasatsyzlyk, ümsümlik, mylaýymlyk.
∙ Bütin töwerek dym-dyrs, parahatlykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
3) Ýuwaşlyk, asyllylyk.
∙ Az salym dymşanlaryndan soň, garly hemişeki parahatlygy bilen -- Aslynda bu gürrüňleri kimler tapýar? -- diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
4) Parahatlyk, arkaýynlyk.
∙ Parahatlyk bilen alýar demini. Deňziň ýakasynda oturan şäher. (Ş. Borjakow, Kaspi Kenarynda)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»